Şweýsariýalylar 13-nji pensiýanyň berilmegi üçin we pensiýa ýaşynyň ýokarlandyrylmagyna garşy ses berdiler

  • 05.03.2024 20:36
  • 11k+

3-nji martda Şweýsariýada referendum geçirildi, saýlawçylaryň 58,2%-i 13-nji pensiýany tölemek baradaky başlangyjy goldady. Bu karar köplenç çykdajylaryny ödemekde kynçylyk çekýän garry adamlaryň "taryhy ýeňşi" hasaplanýar diýip, BBC teleýaýlymy habar berýär.

Şweýsariýada aýlyk döwlet pensiýasy 2550 ýewro, ýöne ýaşuly raýatlaryň aglabasy muny ýeterlik hasaplamaýarlar. Şweýsariýada, esasanam, onuň Sýurih we Ženewa ýaly uly şäherlerinde ýaşaýyş dünýäde iň gymmat ýerleriň hatarynda durýar. Hemmeler üçin hökmany bolan saglyk ätiýaçlandyryş tölegleri çalt ýokarlanýar we garry adamlara bu çykdajylary tölemek barha kynlaşýar.
Mundan başga-da, iş stažynyň arasy kesilen aýallara we doly iş stažy bolmadyk immigrantlara doly däl döwlet pensiýasy bilen güzeran aýlamak kyn düşýär.
Hökümet, parlament we işewürler 13-nji pensiýa garşy çykdylar, olar munuň üçin  ýylda 4 milliard frank goşmaça çykdajylaryň boljakdygyna salgylanýarlar, ýöne reformanyň tarapdarlary saýlawçylary toparlamagy başardylar.
Şweýsariýanyň pensiýa hukuklaryny goraýan Avivo guramasynyň sözlerine görä, 13-nji pensiýa döwlet pensiýa ulgamyny noýabr aýynda 13-nji aýlygy alýan işçileriň aýlyk haklarynyň  ulgamyna laýyklar.
13-nji pensiýa meselesi bilen bir hatarda, referenduma pensiýa ýaşyny 65 ýaşdan 66 ýaşa çenli ýokarlandyrmak baradaky teklip hem hödürlendi. Raýatlaryň 74,7%-i bu pikire garşy ses berdiler.
Şweýsariýanyň hökümeti bu kararlar üçin salgyt töleýjileriň töleg tölemeli boljakdyklaryny aýdýar. Şeýle-de bolsa, ýurduň gülläp ösýän ykdysadyýetinden çen tutup, şweýsariýalylaryň aglabasy munuň öweziniň dolunyp bilinjekdigine ynanýarlar.


05.01.2026 12:16
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi...

12.12.2025 11:42
2.3k+

Şweýsariýada indiki ýyl üçin Prezident saýlandy

Şweýsariýada 2026-njy ýyl üçin Prezident hökmünde ykdysadyýet ministri Gi Parmelen saýlandy. Ol bu wezipäni 2021-nji ýylda-da eýeläpdi. Ýurduň parlamentinde habar berlişi ýaly, ol berlen 228 býulletenden Federal ýygnagyň deputatlaryndan 203 ses aldy...

01.08.2025 10:48
5.7k+

Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany ýakymly...

29.03.2025 07:48
4.8k+

Serdar Berdimuhamedow Ženewada geçiriljek SPECA-nyň duşuşygyna işjeň gatnaşmagy tabşyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 8 — 10-njy apreli aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçiriljek BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA)...