120 Gers ekranly noutbuk görnüşindäki ykjam GPD konsoly tanyşdyryldy

  • 03.03.2024 23:34
  • 3.7k+

GPD kämilleşdirilen aýratynlyklar we AMD Ryzen 8000 prosessorlary bilen üpjün edilen ykjam Win Mini konsolynyň 2024-nji ýyldaky täze görnüşini yglan etdi.

Win Mini 2024 iki görnüşde elýeterli bolar: 6 ýadroly Ryzen 5 8640U prosessor we 8 ýadroly Ryzen 7 8840U prosessor bilen. Olarda grafikanyň derejesine, degişlilikde, Radeon 760M we Radeon 780M grafiki ýadrolary jogap berýär, olar oýunlarda we beýleki programmalarda ýokary öndürijiligi üpjün edýärler. GPD-de bellemeklerine görä, LPDDR5-6400 ýady bilen üpjün edilen uly model hasaplaýyş kuwwaty boýunça GeForce GTX 1660 Ti-den üstün bolar. Konsol 16-dan 64 GB-a çenli operatiw ýatly nusgalarda elýeterli bolar.
Konsolda Full HD durulygy, 120 Gs täzelenme tizligi we 500 nit ýagtylygy bolan 7 dýuýmlyk IPS ekrany bar. Mundan başga-da, displeý kadrlar doňmazdan ýa-da bölünmezden, şekilleriň ýokary hilli görünmegi üçin adaptiw VRR sinhronizasiýasyny we FreeSync Premium tehnologiýasyny goldaýar. Ekran taplanan Corning Gorilla Glass 6 bilen goralýar.
Ryzen 7 8840U prosessorly GPD Win Mini 2024-iň esasy nusgasynyň bahasy 880 dollar bolar.

düýn 20:49
1.4k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.6k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.6k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......