Gurbanguly Berdimuhamedow energetika we ulag ulgamlaryny durnukly ösüşiň esasy çeşmesi hökmünde öňe sürdi

  • 02.03.2024 15:26
  • 10k+

3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki örän çylşyrymly, köp ölçegli dünýäde ençeme ugurdaş meýilleriň ýüze çykandygyny belledi. 

"Şolaryň biri-de geçiş döwrüniň ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň ähmiýetiniň artýandygydyr.
Bu ýurtlar düýpli demografik, ylmy, önümçilik we serişde mümkinçiligine, köplenç bolsa, geografik taýdan kesgitleýji mümkinçilige eýedir. Şu we beýleki şertler sebäpli, olara dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjylarynyň, syýasy, durmuş, ynsanperwer ösüşi üpjün edijileriň biri hökmünde uly orun degişlidir. Geçiş ykdysadyýetli ýurtlar köp babatda durnukly, ýöne gaýtadan gurmagy talap edýän dünýä gurluşyna itergi bermelidir, täze garaýyşlary we wezipeleri girizmelidir diýip, pikir edýärin!" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow esasy ornuň ileri tutulýan iki ugra, ýagny energetikany utgaşdyrmaga we ulaglaryň baglanyşygyna degişlidigini belledi. Ol Türkmenistanyň pes uglewodly energetika geçmek arkaly energetiki utgaşmany amala aşyrmaga tarap strategik ugur alandygyny nygtady. "Biz bu işde hem şeýle çemeleşmeler gerek diýip hasap edýäris. Munuň özi şu ýol bilen gitmäge çalyşýan döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirer. Bu döwletleriň energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary edinmegine şert döreder. Dikeldilýän energiýa çeşmelerini doly ulanmak maksady bilen, öz howa we geografiýa taýdan artykmaç taraplaryny peýdalanmaga olara mümkinçilik berer" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

"Ulag gatnaşyklary bilen bagly mesele boýunça hem Türkmenistan düşnükli we adalatly garaýşy döretmegiň zerurdygyndan ugur alýar.
Bu pudakda hyzmatdaşlyk çalşyp bolmaýan, bar bolanlarynyň üstüni ýetirýän täze ugurlary girizmäge gönükdirilip bilnerdi. Şunuň bilen baglanyşykly, Türkmenistan Hazar we Gara deňzi sebitleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa-ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän, ylalaşylan kadalarda we ölçeglerde işleýän Ýewraziýa multimodal ulag we üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Elbetde, bu tagallalar düýpli syýasy-diplomatik goldawy, Birleşen Milletler Guramasy derejesinde goldanylmagyny we çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Inklýuziw ulag ulgamynyň döredilmegi halkara söwdanyň, maýa goýum işjeňliginiň artmagyna düýpli ýardam etjekdigi aýdyň görünýär.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä Söwda Guramasy, Bütindünýä banky, Halkara Pul Gaznasy, Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň dikleldiş we ösüş banky, sebit guramalary ýaly halkara maliýe we ykdysady edaralaryna halkara ulag taslamalaryna degerli goldaw bermegi, strategik çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagy teklip etdi.

"Türkmenistan bu ugurlar boýunça gepleşikleri geçirmäge açykdyr, milli we halkara taslamalaryny amala aşyrmaga bu guramalaryň gatnaşmagy üçin ähli amatly şertleri döretmäge taýýardyr" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


11.05.2026 18:16
4.6k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

11.05.2026 15:51
5.7k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......