Zarýad bermezden bir hepde işlemäge ukyply Energizer smartfony hödürlendi

  • 05.03.2024 12:15
  • 9.6k+

MWC 2024 sergisinde Avenir Telecom we Energizer tarapyndan işlenip düzülen Hard Case P28K smartfony hödürlendi. Ol adaty ulanylanda 7 güne çenli awtonomlygy üpjün edýän 28 000 mAs kuwwatly rekord batareýa bilen üpjün edildi diýip, Onliner portaly ýazýar.

Gepleşik režiminde Hard Case P28K 122 sagada çenli, garaşma režiminde 2252 sagada çenli işläp bilýär.
Galan ýagdaýlarda smartfonyň aýratynlyklary o diýen üýtgeşik däl: MediaTek MT6789 prosessory, 8 GB operatiw ýat, 256 GB içerki ýat, üç esasy kamera, 6,78 dýuým displeý (1080p) we IP69 goragy.
Gurluşyň galyňlygy we agramy 27,8 mm we 570 g barabar. Smartfonyň bahasy 250 dollar. Ol 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda satuwa çykarylar.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......