Tecno Windows bilen işleýän we ekranyň ýerine äýnegi bolan Pocket Go oýun konsolyny görkezdi

  • 29.02.2024 18:19
  • 2.9k+

«Tecno» kompaniýasy Barselonadaky «MWC 2024» sergisinde «Windows» operasion ulgamy bilen işleýän giňeldilen hakykatly «Pocket Go» ykjam oýun konsolyny tanyşdyrdy.

«Pocket Go» ykjamlygy boýunça «Windows» bilen işleýän beýleki oýun konsollaryndan tapawutlanýar: enjamyň agramy ortaça 30% ýeňil we 50% kiçi ölçeglere eýe. Mundan başga-da, «Pocket Go» «Radeon 780M» integrirlenen grafikasy bolan «Ryzen 7 8840HS» prosessorynyň kömegi bilen talap edilýän oýunlary açmaga ukyplydyr.
Oýunlary oýnamak üçin «Pocket Go» hersi 0,71 dýuýmlyk iki «Micro-OLED» ekrandan ybarat «Pocket Vision» AR äýnegin ulanýar. Enjam USB-C arkaly konsola birigýär, ýöne beýleki kompýuterler bilen hem işläp biler. Bu äýnekler konsol üçin ekranyň ornuny tutýar, konsolyň özi bolsa adaty oýun enjamydyr.
«Pocket Go» 16 GB operatiw ýaa, 1 TB SSD we 50 Wt/sagat sygymly akkumulýatora eýedir. Şeýle hem enjam «Tecno» ekoulgamy bilen işleýän beýleki akylly enjamlara birikmäge mümkinçilik berýän «Tecno Smart Box» ählumumy dolandyryş ulgamy bilen üpjün edilýär. Kompaniýanyň habar bermegine görä, «Pocket Go» oýun konsoly «Tecno Mega Mini T1» kiçi kompýutere we «Tecno» smartfonlaryna birigip bilýär.
«Tecno Pocket Go-nyň» bahasy we çykjak senesi mälim edilmedi.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......