Vivo täze smartfonyny yglan etdi

  • 21.02.2024 07:21
  • 3.5k+

«Vivo» kompaniýasy hytaý bazary üçin «Y100» seriýaly täze smartfonyny tanyşdyrdy. Enjam «Vivo Y100t 5G» diýlip atlandyrylýar we eýýäm «Y100» we «Y100i» görnüşlerini öz içine alýar. «Vivo Y100t 5G» smartfony bu hatardaky iň uly enjam boldy we has gowy aýratynlyklara eýedir. Bu barada «GizmoChina» habar berýär.

«Vivo Y100t 5G» FHD+ durulygy we 120Hz täzelenme tizligi bolan 6,64 dýuým IPS LCD displeý bilen üpjün edilendir. Enjam «MediaTek Dimensity 8200» çipset bilen işleýär. Ol  8 GB ýa-da 12 GB operatiw ýada, şeýle hem 256 GB ýa-da 512 GB goşmaça ýada eýedir. Enjamda gurnalan «Android» we «OriginOS» operasion ulgamynyň takyk wersiýasy heniz belli däl.
«Y100t 5G» 120W çalt zarýad beriji bilen 5000 mA/sagat akkumulýator bilen üpjün edilendir. Öň tarapynda 16 megapikselli selfi-kamera, arka tarapynda optiki stabilizasiýa bilen 64 megapikselli esasy kamera we 2 megapikselli çuňluk datçigi ýerleşdirildi. Täze önümde NFC, gapdalda oturdylan barmak yzy skaneri we 3,5 mm ses bölümi bardyr.
«Vivo Y100t» smartfonynyň bahasy heniz yglan edilmedi. Onuň 23-nji fewralda – Hytaýda täze önüm üçin deslapky sargytlaryň açyljak güni aýan edilmegine garaşylýar.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......