Lenovo iki ekranly transformer noutbugyny görkezdi

  • 19.02.2024 08:30
  • 4.2k+

«Lenovo» iki sany 13,3 dýuýmlyk OLED ekranly «Yoga Book 9 13IMU9» transformer noutbugyny çykarjakdygyny yglan etdi. Bu barada gazeta.ru «GizmoChina» portalyna salgylanyp habar berýär.

Iki OLED displeý hem 2,8K durulyga (2880x1800 piksel), 400 nit ýagtylyga we 100% DCI-P3 reňk şöhlelenmesine eýedir. Enjam «Lenovo Digital Pen 3» stilusy we «Yoga Book 9 KB» Bluetooth klawiaturasy bilen işlemegi goldaýar, şeýle hem wezipä baglylykda, ekranlaryň ýagdaýyny üýtgetmäge ukyplydyr. Mysal üçin, ikinji displeý sensor paneli we klawiatura stendi bolup biler.
Noutbugyň öndürijiligine täze «Intel Core Ultra 7 155U» prosessory jogap berýär, şeýle hem ol 32 GB çenli LPDDR5 operatiw ýat we 1 TB çenli SSD goşmaça ýat bilen üpjün edilýär. Şeýle hem enjamda Wi-Fi 6E, Bluetooth 5.3 goldawy, Thunderbolt 4, USB PD 3.0, USB4 goldawly üç sany USB Type-C porty hem-de DisplayPort 2.1 bardyr. Beýleki aýratynlyklara akselerometr, giroskop, ýagtylyk datçigi, Holl datçigi we infragyzyl sensorly 5 megapiksellik kamera girýär.
«Lenovo Yoga Book 9» «Dolby Atmos» goldawy bilen umumy güýji 4 Wt bolan dört sany «Bowers & Wilkins» dinamikleri bilen enjamlaşdyrylandyr. 80 Wt/sagat batareýa zarýad bermezden 9 sagada çenli işlemegi üpjün edýär. Täze önüm «Windows 11» bilen işleýär.
«Lenovo Yoga Book 9» noutbugynyň bahasy heniz aýan edilmedi.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......