Arheologlar Aleksandr Makedonskiniň kakasynyň galyndylaryny ýüze çykardylar

  • 19.02.2024 08:19
  • 13k+

Arheologlar 1977-nji ýylda ýüze çykarylan gadymy grek mazaryndan tapylan galyndylaryň kime degişlidigini anykladylar. Hünärmenleriň pikiriçe, olar Aleksandr Makedonskiniň kakasy Filip II-ä degişlidir.

Ilki bilen, alymlar serkerdäniň kakasynyň, uly öweý doganynyň we oglunyň mazarda jaýlanandygyna ynanýardylar. Arheologlar soňra bu galyndylaryň onuň kakasynyňky we öweý doganynyňky däl diýip, bu garaýşyň ýalňyşdygyny aýtdylar.
Hünärmenler soňky gözleglerden soň, Aleksandr Makedonskiniň kakasy we dogany hakykatdanam bu ýerde jaýlandy diýen netijä geldiler. Başlangyç netijelerde säwlik goýberilipdir. Filip II-niň galyndylary hasaplanan skelet, aslynda, Makedonskiniň öweý doganyna degişli eken. Doganynyň skeleti bolsa, tersine, kakasyna degişli diýip, «Daily Mail» habar berýär.
Filip II b.e. öňki 359 – 336-njy ýyllarda höküm süren Argeadlar nesilşalygyndan Makedoniýanyň patyşasy bolupdyr. Hökümdar hökmünde ol Makedoniýany birleşdirip, serhetlerdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmagy başarypdyr. Onuň höküm süren ýyllarynda ykdysadyýet çalt depginler bilen ösüpdir we altyn-kümüş teňňeler zikgelenipdir.
Mundan başga-da, Filip II pyýada goşundan we aristokrat getaýr atlylaryndan ybarat güýçli goşun döredipdir. Goşuny bilen Egeý deňziniň demirgazyk kenaryndaky grek koloniýalaryny basyp alypdyr. Onuň işlerini ogly – Beýik adyny alan Aleksandr III dowam etdiripdir.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....