Messiniň çykyş edýän “Inter Maýami” kluby gyssagly ýagdaýda çykdajylaryny azaltmak meselesine duçar boldy

  • 16.02.2024 14:05
  • 20k+

Lionel Messiniň şärikli eýeçiligindäki “Inter Maýami” amerikan futbol kluby aýlyk haklarynyň bellenen kadadan ýokary bolmagy sebäpli MLS-iň düzgünleriniň bozulmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Topar 20-nji fewrala çenli çykdajylaryny azaltmagyň ýoluny tapmaly, ýogsam oňa garşy sanksiýalar ulanylyp bilner.

The Athletic-iň berýän maglumatyna görä, “Inter Maýami” goşmaça girdeji çeşmesini tapmaly ýa-da ýokary aýlykly oýunçylaryndan birini satmaly bolar. Gidirilip bilnäýjek dalaşgärleriň biri hem braziliýaly ýarym goragçy Gregori bolup biler.
Neşiriň çeşmeleri klubuň ýagdaýynyň "ýaramazdygyny" tassyklaýarlar. “Inter Maýaminiň” ýolbaşçylary Serhio Busketsi hem, Lionel Messini hem ýitirmek islemeýär, şonuň üçin Gregori topardan çykarylyp bilinjek ýeke-täk dalaşgär.
Messi “PSŽ”-däki iki möwsümden soň, 2023-nji ýylyň tomsunda “Inter Maýamä” geçdi. MLS-de 14 oýunda 11 pökgi geçirip, 5 gezek netijeli pas berdi. 2023-nji ýylyň awgust aýynda argentinaly oýunçy “Inter Maýami” bilen Liganyň Kubogyny aldy.
Häzir MLS-de möwsümara arakesme, täze möwsüm mart aýynda başlar. “Inter Maýami” aýlyk haklary meselesini 20-nji fewrala çenli çözmeli, ýogsam kluba  jerime salynmak, utuk aýyrmalar we beýleki sanksiýalar garaşýar.


düýn 16:49
6.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.7k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.8k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....