Afrikanyň Kubogynyň simwoliki topary düzüldi

  • 15.02.2024 23:17
  • 5.9k+

Afrikanyň Futbol konfederasiýasy (CAF) Afrika milletleriniň kubogynyň simwoliki toparyny hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär.

Simwoliki toparyň tälimçisi pleý-off tapgyrynda Kot-d’Iwuara ýolbaşçylyk eden Emers Fae boldy. Ol toparlaýyn tapgyrda şowsuz çykyş sebäpli işinden aýrylan Žan-Lui Gasseniň ornuny eýeledi. Gasseniň ýolbaşçylygynda topar öz kwartetinde 3-nji orny eýeläpdi. Netijede, Fae topary bu ýaryşyň taryhynda üçünji çempionlygyna getirdi.
Derwezeban: Ronwen Uillms (GAR).
Goragçylar: Ola Aýna (Nigeriýa), William Trost-Ekong (Nigeriýa), Şansel Mbemba (Kongo DR), Gisleýn Konan (Kot-d’Iwuar).
Ýarym goragçylar: Teboho Mokoena (GAR), Žan Mişel Seri (Kot-d’Iwuar), Frank Kessýe (Kot-d’Iwuar).
Hüjümçiler: Ýoan Wissa (Kongo DR), Ademola Lukman (Nigeriýa), Emilio Nsue (Ekwatorial Gwineýa).

Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylyň Afrika milletleriniň kubogy 13-nji ýanwardan 11-nji fewral aralygynda Kot-d’Iwuaryň bäş şäherinde (Abijan, Buake, Korogo, San-Pedro, Ýamusukro) geçirildi. Ýaryşa 24 milli topar gatnaşdy.
Ýaryşyň iň köp titully milli ýygyndysy Müsüriň toparydyr (7).


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....