FIFA: Futbol klublary gyşky transfer penjiresinde 1,46 mlrd dollar sarp etdiler

  • 15.02.2024 16:04
  • 6.5k+

FIFA öz saýtynda geçen gyşky transfer penjiresindäki transferler barada hasabaty neşir etdi. Bu barada rbc.ru habar berýär.

Klublar jemi 1,46 mlrd dollar sarp etdiler – erkekleriň arasyndaky futbol üçin bu gyşky transfer penjiresindäki çykdajylaryň mukdary boýunça ikinji görkezijidir. Rekord geçen ýyl goýuldy ($1,57 mlrd).
Erkekleriň we zenanlaryň futbolynda transferleriň umumy sany 5073 boldy we bu täze rekorddyr. 
Fransuz klublary 291,9 mln dollar umumy çykdajy bilen transfer çykdajylary boýunça sanawda birinji orny eýelediler. Olaryň bu görkezijisi geçenki ýanwar penjiresinde sarp edilen mukdardan iki esseden gowrakdyr.
Angliýanyň klublarynyň çykdajylary 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndaky rekord ($898,6 mln) bilen deňeşdirilende tas 80% azaldy. Muňa garamazdan, Angliýa transferlere iň köp çykdajy eden ýurtlaryň sanawynda ikinji orny eýeleýär ($184 mln).
Zenanlaryň futbolynda hem çykdajylar boýunça rekord goýuldy – 2,1 mln dollar. Umumy mukdar 165,5% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, transferleriň sany tas şol bir derejede galdy – bu görkeziji 0,3% ýokarlandy.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....