Ýurgen Klopp “Liwerpuldan” gideninden soň gurluşyk bilen meşgullanar

  • 14.02.2024 10:58
  • 11k+

“Liwerpulyň” baş tälimçisi Ýurgen Klopp möwsümiň ahyrynda klubdan gideninden soň gurluşyk bilen meşgullanmagy meýilleşdirýär. Bu barada Daily Express salgylanyp, championat.com habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Klopp iki sany täze desga gurýar. Olaryň biri Maýnsyň golaýynda, Wisbaden şäherinde ýerleşýär. Şeýle-de, Ýurgen Balear adalarynyň dynç almak üçin gowy görýän ýeri bolandygy sebäpli Maýorkada bir öý gurýar.
Habar berlişi ýaly, Germaniýadaky öý Kloppyň we onuň aýaly Ullanyň maşgalasyna ýakyn bolmagy üçin gurulýar, olar ýakynda ilkinji gezek ene we ata hem boldular. 2022-nji ýylyň iýun aýynda Klopp şweýsariýaly işewür we suratkeş Rolf Kniden 3,4 mln funt sterlinge kaşaň emläk satyn aldy. Ýöne, onuň “Liwerpuldaky” işini göz öňünde tutup, häzire çenli gurluşyk işine aýaly jogap bermeli boldy.
Klopp maşgalasyna tälimçilik arakesmesinde gurluşyk işine ýolbaşçylygy öz eline aljakdygyny, çünki işiň meýilnamadan yza galýandygyny aýtdy.  


düýn 17:07
9.1k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
5.8k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
4.1k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.3k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....