Argentina bilen Nigeriýanyň arasyndaky ýoldaşlyk oýny Messi bilen bagly dawa sebäpli ýatyryldy

  • 12.02.2024 10:40
  • 18k+

Hançžouwyň Sport komiteti Argentina bilen Nigeriýanyň arasyndaky ýoldaşlyk oýnunyň ýatyrylandygyny mälim etdi. Bu barada championat.com habar berýär.

“Belli sebäpleri göz öňünde tutup, ygtyýarly edaralar Argentina toparynyň gatnaşmagynda oýun geçirmek üçin şert ýok diýen netijä geldiler. Bu çäräni ýatyrmak kararyna gelindi” – diýlip, resmi beýanda aýdylýar.

Bu ýerde guramaçylar “belli sebäpler” diýip Gonkongda “Inter Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagyndaky dawaly ýagdaýy göz öňünde tutýarlar. Ol ýerde argentinaly oýunçy şikes sebäpli oýna gatnaşyp bilmedi, ýöne birnäçe günden soň Ýaponiýadaky oýna gatnaşdy, bu hem janköýerleriň nägileligine sebäp boldy.
Belläp geçsek, Argentina bilen Nigeriýanyň duşuşygy mart aýynyň ikinji ýarymynda Hytaýda geçirilmelidi. Şeýle-de, häzirki dünýä çempionlarynyň Kot-d’Iwuar bilen duşuşygy meýilleşdirilýär. Bu oýun barada häzirlikçe maglumat ýok.


düýn 15:58
10k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......