Kot-d'Iwuar Afrikanyň üçünji gezek çempiony boldy

  • 12.02.2024 08:38
  • 3.8k+

Kot-d'Iwuar duşenbe gününe geçilen gije (Aşgabat wagty bilen) Kot-d'Iwuaryň paýtagty Abijan şäherindäki "Olimpik Alassan Uattara" stadionynda geçirilen Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda Nigeriýany utdy.

Oýun 2:1 hasabynda ýaryşyň eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, Kot-d'Iwuaryň milli ýygyndysy Afrikanyň Kubogynyň taryhynda üçünji titulyna eýe boldy.
Duşuşygyň 38-nji minutynda hasaby Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy William Trost-Ekong açdy. Iwuarlylar 63-nji minutda ýarym goragçy Frank Kessýeniň kömegi bilen hasaby deňlediler. Ýeňiş goluny Kot-d'Iwuaryň hüjümçisi Sebastýan Aller tora girizdi (81-nji minut).
Ýaryş bäş şäherdäki (Abijan, Buake, Korogo, San-Pedro, Ýamusukro) alty stadionda geçirildi.
10-njy fewralda üçünji ýer üçin oýunda GAR penalti arkaly Kongo DR-nyň toparyny utdy - 0:0 (pen. 6:5).


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....