UEFA-nyň prezidenti Çeferin 2027-nji ýylda wezipesinden gider

  • 12.02.2024 06:59
  • 3.4k+

Sloweniýaly Aleksander Çeferin 2027-nji ýylda Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy meýilleşdirmeýär. Bu barada ol metbugat maslahatynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Ol koronawirusdan, Superliga bilen bagly wakalardan ýadandygyny hem-de ýyllap görüşmeýän maşgalasynyň ýanynda bolmak isleýändigini, şol sebäpli UEFA-nyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy meýilleşdirmeýändigini aýtdy.
Öň, UEFA-nyň Kongresi Çeferine dördünji möhlete saýlanmaga mümkinçilik berýän düzgünnama düzedişleriň girizilmegine ses berdi.
Çeferin 56 ýaşynda, ol 2016-njy ýylda UEFA-nyň prezidenti saýlandy, soň iki gezek bu wezipä gaýtadan saýlandy. Onuň ygtyýarlylyk möhleti 2027-nji ýyla çenli dowam edýär.
Prezidentlik möhletiniň sany üç bilen çäklenýär. UEFA-nyň düzgünnamasyna düzedişler girizilenden soň, Çeferiniň birinji möhleti – 2016-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli – doly derejeli diýlip hasaplanmagyny bes etdi. Şeýlelik bilen, sloweniýalynyň 2027-nji ýylda geçiriljek UEFA-nyň ýolbaşçy saýlawlaryna gatnaşmaga hukugy bar.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....