Tomusda 35 ýaşdan uly öňki futbolçylaryň arasynda ýyldyzlaryň dünýä çempionaty geçiriler

  • 08.02.2024 21:50
  • 16k+

Tomusda 35 ýaşdan uly öňki futbolçylaryň arasynda ýyldyzlaryň dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada “Daily Mail” neşirine salgylanyp, championat.com habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu ýaryşa sekiz toparyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär:
Angliýa: Stiw Makmanaman, Robbi Fauler, Maýkl Ouen, Eşli Koul, Jo Koul, Rio Ferdinand, Frenk Lempard, Dewid Jeýms.
Argentina: Esteban Kambýasso, Ernan Krespo, Pablo Sabaleta.
Braziliýa: Emerson, Kaka, Ronaldinýo, Roberto Karlos, Riwaldo.
Germaniýa: Kewin Kurani, Mesut Ozil, Sami Hedira.
Ispaniýa: Miçel Salgado, Dawid Wilýa, Karles Puýol, Iker Kasilýas (eger lukmanlar ýürek näsazlygyndan soň rugsat berseler).
Italiýa: Marko Materassi, Fabio Kannawaro, Françesko Totti.
Urugwaý: Diego Lugano, Diego Forlan.
Fransiýa: Kristian Karambýo, Týerri Anri, Marsel Desaýi.
Habar berlişi ýaly, ýaryş 4-nji iýundan 11-nji iýun aralygynda Angliýada geçiriler. Oňa milli ýygyndy üçin oýnan ýa-da ýokary ligada 100-den gowrak oýun geçiren 35 ýaşdan uly futbolçylara gatnaşmaga rugsat berilýär. 11-e 11 oýunlary 70 minut dowam eder.


düýn 23:41
2.3k+

«Tottenhem» De Dzerbini baş tälimçi belledi. Onuň bilen «uzak möhletleýin» şertnama baglaşyldy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby Roberto De Dzerbininiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Klub italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň «uzak möhletleýin» häsiýete eýedigini......

düýn 11:15
9.3k+

Dünýä çempionaty — 2026-a gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy: Italiýa ýene-de ýaryşdan çetde galdy

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylarynyň doly düzümi belli boldy. Goşmaça duşuşyklarynyň netijeleri boýunça ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek ýaryşa gitjek ähli......

31.03.2026 20:07
11k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

31.03.2026 10:51
11k+

Ýamalam däl, Mbappe-de: Goal «Altyn topa» iň mynasyby yglan etdi

Goal portaly 2026-njy ýylda «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Onda iň esasy dalaşgär «Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn bolup durýar. Ikinji orny «Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal......