Kot-d'Iwuar we Nigeriýa Afrikanyň Kubogynyň finalyna çykdy

  • 08.02.2024 07:01
  • 3.8k+

Kot-d'Iwuaryň milli futbol ýygyndysy Afrika milletleriniň kubogynyň ýarym finalynda Kongo DR-nyň milli toparyny utdy. Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly Sebastýan Aller geçirdi.

11-nji fewralda geçiriljek ýaryşyň esasy oýnunda Kot-d'Iwuar 1/2 final oýnunda GAR-y utan Nigeriýa bilen duşuşar. Oýnuň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Penalti tapgyrynda nigeriýalylar güýçli boldy (4:2).
Ýarym finalda utulan toparlar 10-njy fewralda geçiriljek üçünji orun ugrundaky oýunda duşuşarlar.
Häzirki wagtda ýaryşyň iň köp gol girizen oýunçysy Ekwatorial Gwineýadan Emilio Nsuedir (bäş gol). Angoladan Žasintu Dalanyň we müsürli Mostafa Mohamediň hersiniň hasabynda dört gol bar.
Afrika milletleriniň kubogynyň çempion titulynyň häzirki eýesi Senegaldyr. Geçen finalda topar penalti tapgyrynda Müsüri utup, taryhynda ilkinji gezek bu kubogy almagy başardy.


şu gün 14:15
2.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.4k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......