Şu gün Afrika milletleriniň kubogynyň ýarym final oýunlary geçiriler

  • 07.02.2024 17:23
  • 5.3k+

Penşenbe gününe geçilýän gije Afrika milletleriniň kubogynyň ýarym final oýunlary geçiriler. Finalda oýnamak hukugy ugrunda Nigeriýa bilen GAR-yň milli ýygyndylary, şeýle-de Kongo DR bilen Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndylary bäsleşer.

Nigeriýa – GAR oýny Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar.
Bilermenler Nigeriýanyň milli ýygyndysyny ýaryşda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi ýokary topar hasaplaýarlar. Häzirki ýaryşyň bäş oýnunda topar bary-ýogy bir goly sypdyrdy. 1/8 finalda Kameruny (2:0), dörtden bir finalda Angolany (1:0) utdy.
GAR-yň milli ýygyndysy 1/8 finalda Marokkodan (2:0), 1/4 finalda Kabo-Werdeden üstün çykdy (0:0, penalti tapgyrynda 2:1).
Kongo DR bilen Kot-d’Iwuaryň arasyndaky oýun sagat 1:00-da başlar.
Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysy A toparçada üçünji orundan pleý-offa çykdy. Topar 1/8 finalda Senegalyň milli ýygyndysyny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy – 1:1 (5:4), ýaryşyň dörtden bir finalynda bolsa Maliniň milli ýygyndysyny utdy (2:1).
Kongo DR ýarym finala bäş oýundan bary-ýogy bir oýunda utup çykdy: toparlaýyn tapgyrdaky üç oýun, şeýle-de 1/8 finaldaky Müsür bilen duşuşyk deňme-deň tamamlandy (oýundan soňky penalti tapgyrynda 8:7 hasabynda utdy). Dörtden bir finalda Kongo DR Gwineýanyň toparyny 3:1 hasabynda utdy.
2024-nji ýylda Afrikanyň Kubogy 2024-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan 11-nji fewraly aralygynda Kot-d’Iwuarda geçirilýär. Final oýny ýekşenbe güni, 11-nji fewralda geçiriler.


düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....