2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynyň geçjek stadiony resmi taýdan yglan edildi

  • 06.02.2024 13:23
  • 10k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final oýny Nýu-Jersi ştatynyň Nýu-Ýork şäherindäki “Metlaýf-stedium” stadionynda geçiriler. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär.

Final oýny 19-njy iýulda geçiriler. Stadion 82,5 müň janköýeri kabul edip bilýär. Mundan başga-da, bürünç medal ugrundaky oýun Maýamidäki “Hard Rok Stedium” stadionynda oýnalar. Bu stadion 64 767 tomaşaçyny kabul edip bilýär.
DÇ-2026 ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň 16 şäherinde geçiriler. Ýaryşyň oýunlaryny Mehiko, Gwadalahara, Monterreý (ählisi Meksika), Toronto, Wankuwer (ikisi-de – Kanada), Nýu-Ýork, Filadelfiýa, Boston, Atlanta, Maýami, Hýuston, Dallas, Los-Anjeles, San-Fransisko, Kanzas-Siti, Sietl (ählisi ABŞ) kabul eder. Şeýle-de, bu 48 topar gatnaşjak ilkinji çempionat bolar. Jemi 104 oýun oýnalar.


düýn 15:42
6.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......