Toyota 2023-nji ýylda dördünji gezek Volkswagen-den öňe geçip, satuw we önümçilik boýunça rekord goýdy

  • 31.01.2024 15:04
  • 11k+

2023-nji senenama ýylynyň dowamynda Ýaponiýanyň Toyota konserni, şol sanda onuň golçur kompaniýalary Daihatsu we Hino tutuş dünýäde 11,23 mln awtomobil, ýük ulagyny we awtobus satyp, rekord goýdy. Bu görkeziji korporasiýanyň taryhynda iň ýokary görkeziji boldy. Satuwyň ösüşi ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 7,2%-e barabar diýip, ixbt.com habar berýär.

Toyota dünýäde 10,3 mln awtomobil satyp, yzygider dördünji gezek öz ýakyn bäsdeşi Volkswagen-den öňe geçdi. Volkswagen-iň satuwy 9,24 mln birlik boldy.
Toyota-nyň satuwynyň ösüşi dünýäniň ähli sebitlerinde diýen ýaly islegiň durnukly bolmagy hem-de ýarym geçirijileriň ýetmezçiliginiň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, Toyota kompaniýalar topary 2023-nji ýylda 11,5 mln awtomobil, ýük ulagyny we awtobus çykaryp, önümçiligiň rekord derejesine ýetdi. Bu ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 8,6% ösüşi aňladýar.
Toyota bilen Volkswagen awtomobilleriň global satuwynda öňdebaryjylyk üçin göreşi dowam etdirýär. Toyota 2020-nji ýylda liderlige gaýdyp geldi we iki awtomobil ägirdiniň arasyndaky tapawudy ýylsaýyn artdyrýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......