Gruziýanyň premýer-ministri Garibaşwili wezipesinden gidýändigini mälim etdi

  • 30.01.2024 22:52
  • 5.9k+

29-njy ýanwarda Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Garibaşwili wezipesinden gidýändigini mälim etdi diýip, BBC habar berdi.

"Toparymyz bilen ara alyp maslahatlaşan kararymyz barada halka habar bermek isleýärin, şu gün men premýer-ministr wezipesinden gidýärin" – diýip, Garibaşwili Tbilisidäki hökümet administrasiýasynda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Gruziýanyň habar beriş serişdeleri bu karary 26-njy oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlary bilen baglanyşdyrýarlar.
Kararyň dolandyryjy “Gruziýanyň arzuwy” partiýasynyň syýasy geňeşinde kabul edilendigi bellenilýär. Hökümet baştutanynyň wezipesini partiýanyň başlygy Irakliý Kobahidze alyp biler.
Garibaşwiliniň özi egindeşlerinden partiýa ýolbaşçylyk etmek teklibini alandygyny, onuň gurultaýynyň 1-nji fewralda geçiriljekdigini aýtdy. Toparyň indi täze wezipeler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, şonuň üçin “Gruziýanyň arzuwy”-nyň şu güýzde geçiriljek parlament saýlawlarynda “ynamly” ýeňşe taýyn bolmalydygyny aýtdy.
Irakliý Garibaşwili 2021-nji ýylyň fewralynda Gruziýanyň premýer-ministri wezipesine bellendi. Ondan öň ol bu wezipäni 2013–2015-nji ýyllar aralygynda eýeläpdi. Şol ýyllarda ol “Gruziýanyň arzuwy” partiýasynyň başlygydy.


04.04.2026 22:25
2.8k+

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi birnäçe duşuşyklary geçirdi: syýasat, ykdysadyýet we lukmançylyk meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň edaralarynyň we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek......

01.04.2026 08:02
4k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi sapary: ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gruziýa resmi sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat......

25.02.2026 15:46
4.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Prezidenti we Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gruziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär. Saparyň...

24.02.2026 07:44
9.1k+

Türkmenistan bilen Gruziýa parlamentara hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekdi

2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gruziýa resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Parlamentiň binasynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi...