Lens Reddik adyndaky baýragyň ilkinji eýesi Kianu Riwz bolar

  • 30.01.2024 10:06
  • 5.4k+

Kianu Riwz Lens Reddik adyndaky “Miras” baýragynyň ilkinji laureaty bolar. Bu baýrak “Saturn” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda berler. Bu barada Ylmy fantastikanyň, fenteziniň we elhençlik filmleriniň akademiýasy yglan etdi diýip, daily.afisha.ru habar berýär.

“Bu baýrak ýerine ýetirijiniň diňe bir zehinini däl, eýsem onuň häsiýetini hem alamatlandyrýar we belleýär” – diýip, akademiýanyň prezidenti Robert Olgin we “Saturnyň” prodýuserleri Bredli we Kewin Markus aýdýar. Olar Riwzi “Golliwudyň ikonasy” hem​ “kiçigöwünliligiň we minnetdarlygyň aýdyň mysaly” diýip atlandyrdylar hem-de onuň​ öz muşdaklarynyň we kinematografçylaryň goldawyny hiç haçan ünssüz goýmandygyny bellediler.

Baýrak 2023-nji ýylyň mart aýynda 60 ýaşynda aradan çykan aktýor Lens Reddigiň hatyrasyna döredildi. Riwz onuň bilen bilelikde “Jon Uigiň” dört bölüminde oýnady. Şeýle-de, Reddik “The Wire”, “Fringe” filmleri,​ Horizon we Quantum Break oýunlary bilen hem tanalýar. Resmi wersiýa görä, onuň ölüminiň sebäbi ýürek keseli boldy.

düýn 18:30
859

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....