Ýaponiýada Fudzi dagyna çykmak üçin töleg giriziler we syýahatçylaryň sany çäklendiriler

  • 30.01.2024 09:36
  • 6.4k+

Ýaponiýada Fudzi dagyna çykmak üçin töleg we syýahatçylaryň sanyna çäklendirmeler giriziler. Bu barada Yahoo! salgylanyp, rbclife.ru ýazýar. Şeýle çözgüt Ýamanasi prefekturasynyň hökümeti tarapyndan kabul edildi. Täze talaplar 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan, daga çykmak üçin 70 günlük tomusky möwsüm başlanda güýje girer.

Ilkinji nobatda, bu çäreler Fudziniň demirgazyk eňňidindäki meşhur Ýosida ýodasynda syýahatçylaryň akymyny çäklendirmek üçin girizilýär. Ol ýere gelýänleriň sanynyň ep-esli artmagy sebäpli, ýodada zibilleriň taşlanmagy, tejribesiz alpinistleriň şikes almagy ýaly meseleler ýüze çykyp başlady. Geçen ýyl Fudzi dagyna 221​ 322 syýahatçy çykdy, şolaryň 62%-i (137​ 236) Ýosida ýodasyny saýlap aldy.

“Şeýle-de, Ýamanasi prefekturasy çäklendirmeleriň we tölegiň girizilmegi bilen tejribesiz alpinistleriň dogry dynç almazdan ýokary çalt çykmak synanyşyklarynyň öňüni almak isleýär” – diýip, Yahoo! belleýär.

Alnan serişdeler wulkan atylan ýagdaýynda gaçybatalgalary gurmak we syýahat ýodalaryny saklamak üçin gönükdiriler.

Fudzi Ýaponiýada iň beýik dagdyr (3776 m). Ol Ýaponiýanyň mukaddes nyşany hasaplanýar. Onuň töwereginde we özünde ybadathanalar hem mukaddes ýerler bar. Gadymy döwürlerden bäri Ýaponiýada daga çykmak dini ybadat hasaplanypdyr, şol bir wagtyň özünde Fudzi iň meşhur syýahatçylyk ýerleriniň biridir. 2013-nji ýylda dag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti statusyny aldy. Ol Ýaponiýadaky iň uly Honsýu adasynda ýerleşýär.


05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......