Google mekdepler we mugallymlar üçin täze emeli aň aýratynlyklary görkezdi

  • 29.01.2024 15:22
  • 3.1k+

Beýik Britaniýadaky Bett çäresinde Google kompaniýasy emeli aňyň kömegi bilen okuw işini dolandyrmak, elýeterlilik we soraglary hem-de sapak meýilnamalaryny döretmek üçin birnäçe täze aýratynlygy hödürledi. Olaryň hemmesi Google Classroom-da we Youtube-da işleýär diýip, Inc. habar berýär.

Google eýýäm mugallymlara Google Classroom -yň bir bölegi hökmünde YouTube wideolaryna sorag goşmaga rugsat berýär, ýöne AI tizara wagtyň dürli pursatlarynda soraglary teklip etmäge kömek eder. Kompaniýa bu aýratynlygy ilkinji gezek 2023-nji ýylyň iýunynda yglan etdi. Ozal mugallymlar bu aýratynlykdan peýdalanmak üçin öňünden ýüz tutmalydylar.
Kompaniýa jogaplary we umumy maslahatlary döretmek üçin emeli aň ulanýan Practice Sets aýratynlygynyň häzirki wagtda 50-den gowrak dilde elýeterlidigini sözüniň üstüne goşdy.
Şeýle hem, mugallymlar Google formalaryny amaly tabşyryklar üçin uýgunlaşdyryp bilerler.
Kompaniýa Google Workspace, Duet AI üçin döredýän AI guralynyň mugallymlara sapagyň meýilnamalaryny düzmekde kömek edip biljekdigini aýtdy. Google mugallymlaryň indi şu ýylyň ahyrynda synpda dürli toparlary döredip biljekdigini aýtdy. Şeýle hem, olar dürli toparlara dürli wezipeleri belläp bilerler.
Kompaniýa Bett 15-de şu ýylyň ahyrynda satuwa çykjak täze Chromebook-lary hödürlemekçi bolýar. Şeýle hem, Google bar bolan Chromebook-lary täzelär, şonuň üçin talyplar öňdäki tabşyryklary göni baş ekrandan görüp bilerler.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...