Messi “Inter Maýami” klubuna geçip, onuň bahasyny 74% ýokarlandyrdy

  • 27.01.2024 15:05
  • 10k+

Argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň geçen tomus “Inter Maýami” amerikan klubuna geçmegi klubuň, şeýle-de tutuş MLS-iň maliýe ýagdaýyna oňyn täsir etdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, soňky ýylda “Inter Maýaminiň” bellenilen bahasy 74% ýokarlandy we häzir 1,2 mlrd dollara barabar. Şeýle-de, amerikan klubunyň girdejileri hem ýokarlandy. Geçen ýyl “Inter Maýami” 127 mln dollar gazandy, 2022-nji ýylda bolsa klubuň girdejisi 55 mln dollar bolupdy.      
Bellenilişi ýaly, geçen ýyl MLS klublarynyň girdejileri 27% ýokarlandy.
Ýatlap geçsek, Messi “Inter Maýami” üçin ähli ýaryşlarda 14 oýna gatnaşyp, 11 gol we bäş netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Oýunçynyň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynda hödürlenen maglumatlara görä, futbolçynyň bazar bahasy 35 mln ýewro barabar.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......