Özbegistanyň we Moldowanyň awiakompaniýalary Türkmenabat Halkara howa menziline täjirçilik gonuşyny amala aşyrdy

  • 25.01.2024 16:19
  • 18k+

Ýakynda ýene-de 2 sany daşary ýurt awiakompaniýasy Türkmenabat Halkara howa menziline täjirçilik gonuşyny amala aşyrdylar. Bu barada howa menziliniň Metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistanyň «MY Freighter» LLC awiakompaniýasynyň «Boeing 747-200» uçary we Moldowa Respublikasynyň «Terra Avia» awiakompaniýasynyň «Boeing 747-400» uçary Türkmenabat halkara howa menziline täjirçilik gonuşyny amala aşyrdylar.
Öň, TmCars Türkmenabadyň Halkara howa menziline Türkiýäniň “MNG Airlines” we Gruziýanyň “GEO SKY” awiakompaniýalary tarapyndan hem dowamly tehniki gonuşlaryň ýerine ýetirilýändigi barada ýazypdy.
Howa menziliniň hünärmenleri ýene-de birnäçe daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gepleşikleri alyp barýarlar. 


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....