Roskosmos gijeki Aşgabadyň kosmosdan düşürilen suratyny paýlaşdy

  • 24.01.2024 11:29
  • 18k+

Türkmenistanyň Gahrymany, Roskosmos-yň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, TASS-nyň Halkara kosmos stansiýasyndaky (ISS) ýörite habarçysy Oleg Kononenko Aşgabat şäheriniň gije Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) bortundan düşürilen suratyny paýlaşdy. Bu suraty «Roskosmos» döwlet korporasiýasy sosial media ulgamyndaky resmi sahypasynda ýerleşdirdi.

«Ak, sary, gyzyl we ýaşyl — ýagtylygyň dürli öwüşginleri garaňkylyga aralaşýar. Şäheriň ýagty çyralary gan damarlary mysaly ýollar bilen birleşip, uly ýyldyzlar toplumyna çalym edýär» — diýen teswir bilen hem bu surat internet sahypasynda neşir edildi.

Oleg Kononenko Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde doglup, şol ýerde-de önüp-ösdi. Häzirki wagtda ol «Roskosmos» kosmos işi boýunça döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar otrýadynyň tälimçi-synag ediji kosmonawtydyr. O.Kononenko 2019-njy ýylda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada eýe boldy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......