Margo Robbi Barbiniň stilindäki obrazlar bilen kitap çykarar

  • 23.01.2024 23:52
  • 8k+

Aktrisa Margo Robbi we onuň stilisti Endrýu Mukamal “Barbi” filminiň global promo-syýahatyndan obrazlary öz içine alýan kitaby çykarar. Bu barada Mukamal sosial ulgamlarda habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Kitap “Barbi: dünýä syýahaty” adyny aldy. Reliz 8-nji marta meýilleşdirilýär. Kitabyň daşlygynda Margo Robbi Mattel kompaniýasynyň meşhur gurjagynyň obrazynda görkezilýär. Aktrisada ýalpyldawuk üstki geýim, Chanel-iň gülgüne twid geýimi we aýagynda bolsa ökjeli köwüş bar.
Endrýu Mukamal kitaby döretmek pikiriniň 2023-nji ýylyň mart aýynda “Barbi” filminiň metbugat syýahaty üçin Margo Robbiniň garderoby barada pikirlenen wagty peýda bolandygyny aýtdy.

“Bu kitap – söýginiň miwesi. Ol dünýädäki ähli Barbi söýüjilerine we moda muşdaklaryna bagyşlanýar” – diýip, stilist ýazdy.

şu gün 20:25
1.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
1.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......