Türkmenistanyň Özbegistan bilen daşary söwda dolanyşygy 1 mlrd dollardan geçdi

  • 23.01.2024 14:50
  • 6.5k+

2023-nji ýylyň jemi boýunça Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1,0 mlrd dollardan geçdi. Bir ýyl ozal ol 926,3 mln dollara barabar bolupdy, görkeziji tas 74 mln dollar artdy. Şeýle netijeler Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň maglumatlaryndan gelip çykýar.

Haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň özara söwda görkezijilerinden bäş esse ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde, bu mukdaryň köp bölegini Türkmenistandan import düzýär – 923,2 mln dollar. Özbegistan biziň ýurdumyza 171,2 mln dollarlyk haryt iberdi. Şeýlelik bilen, Türkmenistan ýurduň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda altynjy orny eýeleýär.
Mundan başga-da, Türkmenistan işewür syýahatçylaryň gelim-gidim reýtinginde birinji orny eýeleýär – geçen ýyl Özbegistana täjirçilik maksatlary bilen 40 müňden gowrak türkmen raýaty bardy.
Ýatlap geçsek, iki goňşy ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň we Özbegistanyň Horezm welaýatynyň galtaşýan çägini gurşap aljak serhetýaka söwda zolagyny döretmek barada ylalaşypdylar.


09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......