Türkmenistan we Eýran özara ýük daşamalar babatda mümkinçilikleri artdyrmagy meýilleşdirýär

  • 18.01.2024 20:58
  • 8.5k+

16-njy ýanwarda türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerinde, bu ýerde hereket edýän edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň serhet wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berildi.

Türkmen tarapdan wekiliýete Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri A.Nyýazow, Eýran tarapyndan wekiliýetine «Lotfabad» gümrük nokadynyň başlygy jenap Korban Karimi ýolbaşçylyk etdiler.
Türkmen wekiliýeti gümrük, migrasiýa, serhet gulluklarynyň, «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekillerinden, «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň direktoryndan ybarat boldy. Duşuşyga, şeýle-de Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy.
Taraplar «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň özara ýük daşamalar babatda mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça meselelere garadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu gümrük nokatlarynda işleýän edaralaryň wekilleriniň iş wagtyny uzaltmak meselesine, sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesi hem-de ulag çykdajylary bilen bagly meselelere seredildi. Şeýle-de duşuşygyň gün tertibine iki gümrük nokatlaryň arasyndaky iki serhet derwezesiniň arasyndaky ýoluň eýran tarapyndaky bölegini abatlamak teklibi girizildi.
Ara alnyp maslahatlaşylan ähli meseleler boýunça özara düşünişmäge gelindi we taraplar özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin taýýardyklaryny mälim etdiler.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

16.05.2026 09:58
8.3k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......