Hytaýyň ilaty 2023-nji ýylda 2,08 mln adam azaldy

  • 18.01.2024 17:13
  • 6.8k+

2023-nji ýylda Hytaýyň ilatynyň sany 2,08 mln adam azalyp, 1,40967 mlrd adam boldy. Bu barada HHR-iň Döwlet statistika edarasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Ýaýradylan hasabatda bellenilişi ýaly, ýylyň dowamynda häkimiýetler ýurtda 9,02 mln täze doglan çagany hasaba aldylar, 11,10 mln adam aradan çykdy. Çaga dogluş we ölüm koeffisiýenti, degişlilikde, 6,39 we 7,87 promille boldy.
Hytaýyň ilatynyň düzüminde erkekleriň sany 720,32 mln adam (0,2% azalma), zenanlaryň sany 689,35 mln adam (0,04% azalma). Zähmete ukyply raýatlaryň paýy (16 ýaşdan 59 ýaşa çenli) 61,3%-e barabar we bu 2022-nji ýyldakydan 0,7 göterim punkt azdyr. Ýurtda 65 ýaşdan uly adamlaryň sany 3,3% artyp, 216,76 mln adama ýetdi.
Statistika laýyklykda, 2023-nji ýylda HHR-iň şäherleriniň ilaty 1,2% artyp, 932,67 mln adama ýetdi. Oba ýerlerinde 447 mln adam ýaşaýar (2,8% azalma).
2022-nji ýylda Hytaýyň ilaty soňky 60 ýylda ilkinji gezek azalyp başlady. 12 aýda onuň sany 850 müň adam azaldy.


01.06.2026 07:34
8.3k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....