Hytaýda smartfonlar üçin ýadro batareýasy döredildi. Ol 50 ýyl zarýad saklaýar

  • 15.01.2024 17:48
  • 16k+

Hytaýyň «Betavolt» startap kompaniýasy 50 ýyllap elektrik energiýasyny öndürip biljek täze «baky» batareýany döretdi. Bu barada lenta.ru «Independent» neşirine salgylanyp habar berýär.

Pekinde ýerleşýän «Betavolt» kompaniýasy özüniň 63 ýadro izotopyny öz içine alýan ýadro batareýasynyň dünýäde atom energiýasynyň miniatýurizasiýasynyň ilkinji nusgasydygyny aýtdy.
Startap kompaniýanyň wekilleri täze nesil batareýanyň eýýäm synagdan geçirilýändigini we ahyrky netijede smartfonlar hem-de dronlar ýaly täjirçilik maksatly enjamlar üçin köpçülikleýin öndüriljekdigini habar berdiler.
«Betavolt» ýadro batareýalary aerokosmiki senagatyň, emeli aňyň, lukmançylyk enjamlarynyň, mikroprosessorlaryň, öňdebaryjy datçikleriň, kiçi dronlaryň we mikrorobotlaryň uzak möhletleýin energiýa üpjünçiligi boýunça zerurlyklaryny kanagatlandyryp biler» diýlip, kompaniýanyň metbugat beýanynda bellenilýär.


12.05.2026 07:19
16k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.6k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......