“Real” “El-klasikoda” utup, 13-nji gezek Ispaniýanyň Superkubogyna eýe boldy

  • 15.01.2024 14:59
  • 10k+

Madridiň “Realy” Saud Arabystanynda geçirilen ýaryşyň finalynda “Barselonany” utup, Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Er-Riýaddaky duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy.

Ýeňijileriň düzüminde Winisius het-trik (7-nji, 10-njy, 39-njy minutlar) bilen tapawutlandy, hasaba ýene bir goly Rodrigo (64) goşdy. Kataloniýalylaryň düzüminden Robert Lewandowskiý (33) gol geçirdi.
Ýarym finalda “Real” “Atletikony” 5:3 hasabynda utdy, “Barselona” 2:0 hasabynda “Osasunadan” üstün çykdy.
“Real” 13-nji gezek kubogyň eýesi boldy. Geçen ýyl ony hasabynda 14 titul bolan “Barselona” alypdy.
2019/20 möwsüminden bäri Saud Arabystanynda kubok ugrunda dört topar göreşýär (2020/21 möwsüminden başga).


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....