Yslam ýetginjekler oýunlary 2025-nji ýylda Tatarystanda geçiriler

  • 14.01.2024 22:18
  • 6.9k+

14-16 ýaşly türgenleriň arasynda Yslam ýetginjekler oýunlary 2025-nji ýylda Kazanda geçiriler. Bu barada Tatarystanyň sport ministri Wladimir Leonowyň beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Tatarystan Respublikasynyň Olimpiýa geňeşi bilen bilelikde “Yslam ýetginjekler oýunlary” atly täze halkara multisport taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar, oňa gatnaşyjylar yslam dünýäsiniň ýurtlaryndan 14-16 ýaşly ýaş türgenler bolar” – diýip, Tatarystanyň sport ministrliginiň başlygy edaranyň giňişleýin mejlisinde habar berdi.

Leonowyň aýtmagyna görä, bu taslama “Russiýa – yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşyjylar tarapyndan tassyklandy we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sekretariaty tarapyndan goldanyldy.


25.07.2025 17:05
15k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...

25.07.2025 16:54
4.6k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy...

23.03.2025 12:11
8.1k+

Russiýaly aýal Baýkal kölünde buzuň astynda 122 metr ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy

«Baýkalyň buzunyň astynda 2025» atly fridaýwing festiwalynda russiýaly Ýekaterina Nekrasowa uly üstünlik gazandy. Ol gidrokostýum geýmezden, Baýkal kölünde, buzuň astynda 122 metr aralyga ýüzdi. Bu netije bilen...

29.01.2025 11:54
14k+

Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi “Rostowyň” oýunçysy boldy

Russiýanyň “Rostow” futbol kluby Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi Denis Titow bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy eýýäm BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda esasy topara...