ABŞ-nyň Senaty ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze ilçisiniň dalaşgärlerine sereder

  • 13.01.2024 07:16
  • 9.2k+

ABŞ-nyň Senaty ABŞ-nyň Prezident administrasiýasynda dürli wezipelere bellenjek dalaşgärlere seredýär. 11-nji ýanwarda geçirilen brifingde sanalan dalaşgärleriň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hödürlenen Geňeşçi-ilçi synpyndaky diplomatik gullugynyň işgäri Elizabet Rud bar.

Rud 2022-nji ýylyň awgust aýynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgär hökmünde bellendi, şonda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden öz administrasiýasyna ýolbaşçylyk etmek üçin birnäçe adamy bellemek niýetini yglan etdi diýip, ORIENT habar berýär.
Amerikan ilçileri Ak tamyň administrasiýasy tarapyndan bellenilýär we dalaşgärlerini ABŞ-nyň Senaty tassyklaýar.
Elizabet Rud häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýadaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekilidir. Ondan öň ol, ABŞ-nyň Harby kollejinde fakultet geňeşçisi, ABŞ-nyň Gruziýanyň Tbilisi şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinde, köplenç işleriň wagtlaýyn ynanylan wekili hökmünde işledi.
Şeýle hem, ABŞ-nyň Owganystanyň paýtagty Kabuldaky ilçihanasynda Syýasy meseleler boýunça geňeşçi bolup işledi, Ýewropa we Ýewraziýa Býurosyndaky Kawkaz we sebit konfliktleri bölümine ýolbaşçylyk etdi, Pakistanyň Peşawar şäherindäki ABŞ-nyň Baş konsullygynyň Baş hünärmeni bolup zähmet çekdi, Döwlet departamentiniň Owganystanyň günorta-gündogaryndaky welaýat Dikeldiş toparynyň wekili, Nagorno-Garabag, Abhaziýa, Günorta Osetiýa we Pridnestrowýedäki konfliktler boýunça ABŞ-nyň ýörite gepleşikleri geçirijisiniň orunbasary wezipesinde hem işledi.
Elizabet Rud Merilend uniwersitetinde okap magistr we sungat ugrunda bakalawr derejesini alýar we fransuz, rus, nemes, puştun, dari we gruzin dillerinde gürleýär.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......