Dünýäde iň girdejili futbol akademiýalary kesgitlendi

  • 12.01.2024 15:21
  • 11k+

Portugaliýanyň «Benfika» futbol toparynyň akademiýasy 2014 – 2023-nji ýyllar aralygynda iň girdejili futbol akademiýasy boldy. Degişli barlagyň netijeleri Halkara sport barlaglary merkezi (CIES) tarapyndan neşir edildi. Bu barada TASS habar berýär.

Hasabat döwründe Portugaliýanyň futbol toparynyň akademiýasy uçurymlarynyň beýleki toparlara geçmegi bilen 516 million ýewro gazandy. Ikinji orny Niderlandlaryň «Aýaks» toparynyň (376 million ýewro), üçünji orny Fransiýanyň «Lion» (370 million ýewro) toparynyň akademiýasy eýeledi. Şeýle hem ilkinji onluga Ispaniýanyň «Realy» (364 million ýewro), Angliýanyň «Çelsisi» (347 million ýewro), «Monako» (325 million ýewro), Portugaliýanyň «Sportingi» (306 million ýewro), Angliýanyň «Tottenhem» (256 million ýewro) we «Mançester Siti» (254 million ýewro) toparlary hem-de Italiýanyň «Atalantasy» (250 million ýewro) girdi. 


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....