HYYÖU IV açyk matematika olimpiadasyna gatnaşjaklaryň arzalaryny kabul edip başlady

  • 12.01.2024 15:04
  • 4.1k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYÖU) Türkmenistanyň hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek IV açyk matematika olimpiadasyna gatnaşjaklaryň arzalaryny kabul edip başlady.

Paýtagtymyzdaky uniwersitet matematika ugrundan okaýan, bu ders bilen gyzyklanýan we oňa höwes bildirýän ähli talyplary olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Oňa gatnaşmak üçin her ýokary okuw mekdebinden ýüz tutjaklaryň sany çäklendirilmeýär. Olimpiada HYYÖU-da şu ýylyň 3-nji martyndan 8-njy marty aralygynda geçiriler. Olimpiadanyň resmi dili türkmen we iňlis dilleridir. Matematika bäsleşiginiň çäginde şahsy we toparlaýyn ýaryşlar geçiriler.
Şahsy ýaryşlar oňa gatnaşýanlary «A» we «B» toparlara böler. «A» topar ýokary okuw mekdeplerde matematika we kompýuter ylymlary boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenendir. «B» topar başga ugurlar boýunça okaýan talyplary öz içine alar. Bäsdeşlere kynçylyk derejesi boýunça olimpiada gatnaşmak üçin beren arzasynda görkezen toparyna laýyk gelýän 6 mesele we olary çözmek üçin 240 minut (4 sagat) wagt teklip ediler.
Toparlaýyn ýaryşlara, hünärine bagly bolmazdan, hersi 4 adamdan köp bolmadyk talyp toparlary gatnaşar. Toparlara 120 minut wagtda (2 sagatda) çözmek üçin 10 tabşyryk berler.
Olimpiada gatnaşmak isleýänler guramaçy okuw jaýynyň resmi saýtynyň Akademiýa/Ýaryşlar bölüminde hasaba alynýar, şol ýerde-de olimpiadanyň jikme-jik rejenamasy we düzgünleri, bäsleşige gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň nusgalary, şeýle hem beýleki peýdaly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, goşmaça maglumatlary +993 65 80 99 06 belgili telefon we iuhdolympiads@gmail.com elektron poçta arkaly alyp bilersiňiz.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......