Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlendi

  • 11.01.2024 20:40
  • 11k+

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan gurnaldy.
Bäsleşige şahyrlar, ýazyjylar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplar, orta we ýöriteleşdirilen mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary, şeýle-de ýurduň dürli künjeginden türkmen şahyrynyň döredijiligine hormat goýujylar gatnaşdy.
Bäsleşige gatnaşyjylar Pyragynyň şahsyýetine we döredijiligine bagyşlanan edebi we publisistik eserlerini hödürlediler.
Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......