Ronaldu Maradona adyndaky baýraga mynasyp boldy

  • 07.01.2024 18:13
  • 17k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Kriştianu Ronaldu meşhur Diýego Maradonanyň adyny göterýän baýraga mynasyp boldy.

Hüjümçi 2023-nji senenama ýylynyň iň köp gol salan futbolçysy hökmünde bu baýragy alar. 38 ýaşly portugaliýaly jemi 54 pökgi geçirdi. Ondan soňky orunda hersi 52 pökgi bilen «PSŽ-niň» hüjümçisi Kilian Mbappe we «Bawariýanyň» hüjümçisi Harri Keýn ýerleşýär. Ronaldu bu baýragy 19-njy ýanwarda Dubaýda geçiriljek «Globe Soccer Awards» dabarasynda alar.
Ronaldo «Altyn pökginiň» bäş gezek eýesi boldy. Ol karýerasynda «Real Madridde» oýnap, toparyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy, şeýle hem «Mançester Ýunaýted», Turiniň «Ýuwentus» we Lissabonyň «Sporting» toparlarynda çykyş etdi.


şu gün 09:54
791

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......