Wenesiýa barýan syýahatçylyk toparlarynyň sany çäklendiriler

  • 07.01.2024 17:54
  • 4.8k+

Wenesiýanyň hökümeti ýolbelediň ugratmagynda gelýän syýahatçylyk toparlarynyň sanyny azaltmak baradaky karary tassyklady. Şäheriň taryhy ada böleginde, şeýle hem ýel berip çüýşe ýasaýan ezber ussalary  bilen meşhur Murano adalarynda, tornagyşlary bilen tanalýan Buranoda we Wenesiýa esaslandyrylmazyndan ozal ýalpaklykda ilkinji ilatlaşan Torçello adasynda olaryň sany 25 adamdan geçmeli däl.

Şäher maglumat portalynda görkezilişi ýaly, bu karar entek Döwlet Geňeşi (parlament) tarapyndan tassyklanmaly we şeýle ýagdaýda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda güýje girer. Çäräni teklip edenleriň pikiriçe, bu geljekde syýahatçylyk akymlaryny has gowy guramaga, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, ýolbeletlere sesiniň gatylygy belli bir çäkden geçýän ses gataldyjylary ulanmagy gadagan etmek meýilnamalary bar.
Bu Italiýanyň iň köp gelinýän şäherlerinden biri bolan Wenesiýadaky "ýabany syýahatçylygy" agyzzyryklamak üçin ilkinji synanyşyk däl. Şeýlelik bilen, şäher häkimligi gijeligine galman, bir günlük gelýän syýahatçylar üçin şähere “giriş peteginiň” girizilmegini eýýäm tassykladylar. Onuň bahasy ýylyň “ýokary” we “pes” möwsümlerine baglydyr. Bu çäre entek güýje girmedi, sebäbi pandemiýa döwründe syýahatçylyk onsuzam pese gaçdy. Indi Italiýada syýahatçylyk pandemiýadan öňki derejä gaýdyp geldi, bu çäräni ýazda synagdan geçirmäge başlamak meýilleşdirilýär.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......