Täze Toyota Prius we Toyota Prius Prime ABŞ-da 2024-nji ýylyň iň gowy awtomobilleri boldy

  • 07.01.2024 16:38
  • 5.9k+

Bir aý mundan ozal Toyota Prius Ýaponiýada iň gowy awtomobil bolupdy, häzir bolsa täze Prius ABŞ-da 2024-nji ýylyň awtomobili adyna mynasyp boldy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

ABŞ-da 2024-nji ýylyň North American Car, Truck, and Utility Vehicle of the Year (NACTOY) baýragyny diňe bir adaty Prius däl, eýsem onuň zarýadlanýan görnüşi Prius Prime hem aldy. Bu 2004-nji ýyldan bäri NACTOY titulynyň Toyota markasyna berilýän ilkinji ýagdaýydyr. Täze nesliň gibrid awtomobili bu at ugrundaky göreşde Honda Accord we Ioniq 6 awtomobillerinden öňe geçdi.


2024-nji ýylyň ýük awtoulagy (ABŞ-da ýük awtoulaglary diýlip, adatça, pikaplar atlandyrylýar) Ford Super Duty boldy – oňa çekiş mümkinçiligi, ýük göterijiligi, kuwwaty we dört hereketlendirijiden saýlamak mümkinçiligi üçin ýokary baha berildi. Bu Ford-yň häzirki kategoriýada yzygiderli dördünji titulydyr.
Ýeňijileriň arasynda elektromobil hem bar: ABŞ-da 2024-nji ýylyň krossoweri Kia EV9 boldy. 


düýn 21:15
2.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......