Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde umumybilim berýän orta mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy gurlar

  • 06.01.2024 22:04
  • 14k+

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdep we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy gurlar.

Bu babatda degişli işleriň alnyp barlyşy barada wise-premýer B.Annamämmedow 6-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ylym-bilim binýadyny pugtalandyrmaga we onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde guruljak 1200 orunlyk döwrebap orta mekdebiň we 120 orunlyk  umumy ýaşaýyş jaýynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.


düýn 23:39
684

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......