«Birmingem» Ueýn Runini baş tälimçi wezipesinden boşatdy

  • 04.01.2024 14:35
  • 5.3k+

Angliýanyň milli futbol ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Ueýn Runi “Birmingem Sitiniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada Championship-iň toparynyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda “Birmingem” Runi bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Hünärmeniň ýolbaşçylygynda topar 15 oýunda 2 ýeňiş gazanyp, 9 ýeňlişe sezewar boldy.
Habar berlişi ýaly, klubuň baş tälimçisi wezipesini professional ösüş boýunça tälimçi Stiw Spuner wagtlaýyn ýerine ýetirer.

“Netijeler ilkibaşda garaşylyşy ýaly bolmady. Geňeş tälimçiniň çalşylmagynyň klubuň bähbidine boljakdygyna ynanýar. Gynansak-da, nämedir bir zad-a tersine gitdi. Biz başga bir ugur boýunça hereket etmek kararyna geldik. Onuň yzyny dowam etjek tälimçini gözlemek işi haýal etmän başlaýar. Biz täzelikler bolan ýagdaýynda janköýerlere habar bereris” – diýlip, habarda aýdylýar.

Runi 38 ýaşynda, öň ol “Derbi Kaunti” toparyna-da ýolbaşçylyk etdi. Oýunçy hökmünde Angliýanyň “Ewerton” we “Mançester Ýunaýted” toparlarynda çykyş etdi. Runi mankunianlylaryň taryhynda iň gowy bombardir hasaplanýar.


düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....