Windows we Android bilen işleýän ilkinji noutbuk tanyşdyryldy

  • 31.12.2023 20:22
  • 3.8k+

Hytaýyň «Lenovo» korporasiýasy birbada «Windows» we «Android» bilen işleýän bazardaky ilkinji noutbugy döretdi. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Bellenilişi ýaly, «ThinkBook Plus» kompýuteri gibrid korpusa eýe bolar we planşete öwrülip biler. Enjamy döredijileriň pikiriçe, enjam noutbuk režiminde «Windows» bilen, bolsa planşet režiminde bolsa «Android» bilen işlär.
Enjamyň aýrylyp bilinjek klawiaturasynyň we 360 dereje aýlanyp bilýän sensorly displeýiniň boljakdygy mälimdir. Enjamyň jikme-jik aýratynlyklary aýan edilmedi, ýöne «ThinkBook Plus» noutbugynyň «Thunderbolt 3» bilen bäsleşjek ýokary tizlikli «Oculink» porty bilen üpjün ediljekdigi habar berildi. Deňeşdirmeksek, «Oculink 2» sekuntda 16 gigabaýta çenli maglumat geçiriş tizligini üpjün edip bilýär, «Thunderbolt 3» bolsa sekuntda bary-ýogy bäş gigabaýt geçirýär.
«ThinkBook Plus-yň» bahasy aýan edilmedi. «Lenovo» bu enjamy ýanwar aýynda «CES 2024» sergisinde tanyşdyrar.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......