“Real” Karlo Ançelotti bilen şertnamanyň möhletini uzaltdy

  • 30.12.2023 16:56
  • 7.5k+

64 ýaşly italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Madridiň “Realy” bilen şertnamasyny 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaltdy. Bu barada klub öz resmi saýtynda habar berdi diýip, championat.com belleýär.

Bellenilişi ýaly, “Realyň” ýolbaşçylygy Ançelottiniň toparyň başyndaky işinden örän hoşal. Italiýaly hünärmen madridlilere iki gezek ýolbaşçy boldy. Ol “Realda” jemi bäş möwsüm geçirip, 10 titul gazandy: iki Çempionlar ligasy, iki Klublaýyn dünýä çempionaty, iki UEFA-nyň Super kubogy, bir La Liga, iki Ispaniýanyň kubogy we bir Super kubok.
Ýatlap geçsek, Ançelotti Madridiň “Realyna” 2021-nji ýylyň tomsunda ýolbaşçy boldy. Ol Madrid klubundaky işine “Ewertondan” gideninden soň gaýdyp geldi. Tälimçilik karýerasynyň dowamynda “Parmada”, “Ýuwentusda”, “Milanda”, “Çelside”, “PSŽ-de”, “Bawariýada”, we “Napolide” işledi.
La liganyň 18 tapgyryndan soň “Real” 45 utuk bilen ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....