Türkmenistan Duşenbe şäherinde geçirilen Halkara festiwala gatnaşdy

  • 25.12.2023 23:22
  • 7.1k+

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy 23-nji dekabrda Duşenbe şäherinde geçirilen «Gündogar-Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we ýewraziýa halk sungaty» atly Halkara festiwalyna sergi burçy bilen gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, milli halylar we keşdeler, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri we Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda häzirki zaman gazananlaryny görkezýän maglumatlar bilen tanyşdylar.
Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň, ylmy intelligensiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Täjigistanyň we daşary ýurtlardan döredijilik toparlary gatnaşdy.
Halkara festiwalyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň diplomy bilen sylaglandy.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......