Honda dünýä boýunça 4,5 million töweregi awtoulagyny yzyna çagyrar. Sebäp — ýangyç nasosynyň näsazlygy

  • 24.12.2023 14:07
  • 12k+

Honda Motor ýangyç nasosynyň näsazlygy bilen bagly töwekgelçilik sebäpli, dünýäde takmynan 4,5 million ulagyny yzyna çagyrýar diýip, Reuters habar berýär.

Yza çagyryş ABŞ-da 2,54 million ulagy öz içine alýar we awtoulag öndürijisi ozal 2021-nji ýylda ABŞ-da 628 000 ulagy we 2020-nji ýylda 136 000 ulagy yzyna çagyrypdy. Şu aýyň başynda Honda şol bir mesele bilen bagly Hytaýda we Ýaponiýada hem yzyna çagyryş yglan edipdi.
Honda-nyň söwda dellallary ýangyç nasosynyň modulyny çalşarlar diýip, awtoulag öndürijisi Milli awtoulag ýollarynyň hereket howpsuzlygy dolandyryş gullugyna (NHTSA) beren beýanynda aýtdy. Honda fewral aýynyň başynda yzyna çagyryş barada awtoulag eýelerine habar bermegi meýilleşdirýär.
Honda şikes ýetmeler barada hiç hili maglumat gelmändigi, ýöne 2018-nji ýyldan bäri bu mesele babatda 4042 kepillik talaplarynyň bardygyny aýtdy. Yza çagyryşda 2018-2020-nji model ýylyna degişli  Honda Accord, Civic, CR-V, HR-V, Insight, Ridgeline, Odyssey, Passport we ILX, MDX, RDX, RLX, TLX we NSX ýaly dürli modeller bar.
Bu habar, Honda takmynan 106 030 töweregi CR-V gibrid ulagy, aşa gyzýan batareýa kabeli ýa-da gysga utgaşma sebäpli ýüze çykan heläkçilik bilen bagly, ýangyn ýa-da şikes ýetmek töwekgelçiliginiň bardygy sebäpli çagyryş edenden bir gün soň mälim edildi.


01.04.2026 16:47
3.4k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.2k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....

22.03.2026 04:10
2.1k+

Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar

Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler...

20.01.2026 11:41
5.2k+

Honda garaža sygýan dört adamlyk futuristik kemperini tanyşdyrdy

Honda kompaniýasy dört adama niýetlenen, geljegiň dizaýnyny ýatladýan Base Station atly kemperini (syýahat tirkegini) köpçülige hödürledi. Esasy aýratynlyklary we dizaýny: Garaža sygyjylyk: Kemperiň ölçegleri ony standart garažda arkaýyn saklamaga mümkinçilik berýär...