Gonkongda dünýäde ilkinji gezek bagryň rak keseliniň iň soňky derejesindäki hassa halas edildi

  • 17.12.2023 11:13
  • 23k+

Gonkong uniwersitetiniň lukmanlary dünýäde ilkinji bolup bagryň rak keseli bilen kesellän adamy halas etdiler. Bu barada ýerli Standard gazeti habar berdi.

Onuň berýän habaryna görä, bu erkek adama 2022-nji ýylyň noýabr aýynda bagryň rak  keseliniň soňky, dördünji derejesi diýen kesel kesgidi goýuldy. Onuň bagryndan 18,2 sm ölçegdäki çiş tapyldy we metastazlar eýýäm ýakyn wena damarlaryna aralaşan eken. Mundan başga-da, ýiti sirroz sebäpli oňa hassahana yzygiderli baryp durmak tabşyrylypdyr.
Ilki bilen lukmanlar çişiň biraz gaýdyp, operasiýa amatly ululykda bolmagy üçin alty aýlap bejergi geçirdiler, soň bolsa wena damarlarynda dörän gan uýamalarynyň öňüni aldylar. Awgust aýynda oglunyň bagrynyň bir bölegini oňa üstünlikli geçirdiler.
Lukmançylyk edarasynda uzak wagtlap gözegçilik edilenden soň, hassa keselhanadan çykaryldy: onda häzirki wagtda-da birinji derejä degişli 1,5 sm ölçegdäki çiş bar, şol bir wagtyň özünde analizleri täze rak öýjükleriniň emele gelmeýändigini görkezýär. Bu çişi gaýtarmak we transplantasiýa etmek arkaly bagryň soňky derejeli rak keselini üstünlikli bejermekde dünýäde ilkinji waka boldy.
Lukmanlaryň bellemegine görä, şuňa meňzeş kesel kesgidi bolan 100 näsag häzirki wagtda bejergi alýar; bejerginiň netijesinde olaryň 40%-de rak öýjükleriniň doly ölendigi hasaba alyndy we häzirki wagtda hassalaryň 10% -den gowragy bagyr transplantasiýasyny geçirip biler. Lukmanlar indi bejergini ýönekeýleşdirýärler we Gonkongyň hökümetinden has köpräk hassada bejergini synap görmäge mümkinçilik berýän zerur dermanlary edinmek üçin subsidiýa almaga çalyşýarlar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......