APL-iň taryhynda ilkinji gezek duşuşygyň baş emini hökmünde zenan bellenildi

  • 16.12.2023 23:17
  • 7.6k+

Emin Rebekka Welş Angliýanyň Premýer-liga (APL) futbol çempionatynyň taryhynda duşuşygyň baş emini wezipesine bellenen ilkinji zenan hünärmen boldy. Bu barada RIA Nowosti APL-iň resmi web sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Welş 23-nji dekabrda Angliýanyň paýtagtyndaky «Kreýwen Kottej» stadionynda geçiriljek 18-nji tapgyryň çäklerindäki Londonyň «Fulhem» topary bilen «Bernli» toparynyň arasyndaky duşuşyga emin hökmünde bellenildi. Welş eminlik karýerasyna 2010-njy ýylda başlady we 2021-nji ýylda Angliýanyň futbol ligasynyň (AFL) oýnuna eminlik eden ilkinji zenan boldy. Ol şonda Liga 2-niň çäklerinde «Harrogeýt Taun» bilen «Port Weýl» toparlarynyň oýnuna eminlik edipdi.


şu gün 00:22
3k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

düýn 14:50
3.9k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
8.2k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.5k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....