Ýamal Çempionlar ligasynda gol pasyny beren ilkinji 16 ýaşly futbolçy boldy

  • 15.12.2023 14:07
  • 9.2k+

«Barselonanyň» futbolçysy Lamin Ýamal Çempionlar ligasynda ilkinji netijeli pasyny berdi.

Ispaniýaly futbolçy toparçalaýyn tapgyryň altynjy aýlawynda Belgiýanyň «Antwerpen» toparyna garşy duşuşykda netijeli pas berdi. Ýamal Çempionlar ligasynyň taryhynda gol pasyny beren ilkinji 16 ýaşly oýunçy boldy. Assist wagtynda onuň 16 ýaş 153 gün ýaşy bardy.
Duşuşygyň 52-nji minutyndan soň hasap 1:1 boldy. Ikinji minutda belgiýalylar öňe saýlandy, Artur Wermeren pökgini derwezä saldy. 35-nji minutda Ferran Torres Ýamalyň pasy bilen hasapdaky deňagramlylygy dikeltdi.
Ýamal katalon klubynyň okuwçysy. Hüjümçi bu möwsüm 15 ýyl 9 aý 16 gün ýaşyndaky esasy düzümde ilkinji gezek meýdança çykdy we toparyň taryhyndaky iň ýaş oýunçy boldy.
Sentýabr aýynda Ýamal Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň ýaş pökgi geçiren oýunçy boldy. 2022-nji ýylyň iýunynda ol «Barselonadaky» topardaşy Gawiniň rekordyny (17 ýaş 10 aý)  täzeledi. Oktýabr aýynda «Barsa» oýunçy bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy we 1 milliard ýewro öwezini dolmak tölegini kesgitledi.


şu gün 21:03
255

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

şu gün 15:42
3.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

düýn 20:28
11k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......